News

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden
16 Apr
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

2016-njy ýylyň 15-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.



Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi.                 Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler barada                           hasabat bermek bilen, “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy barada habar berdi.



Şeýle-de hasabatyň çäklerinde milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň, hususan-da, harytlaryň käbir görnüşleriniň daşary ýurtlarda   ýerlenilmeginiň hem-de olary ýurdumyzyň çäklerinden daşary alyp gitmegiň tertibini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler  barada aýdyldy hem-de degişli kararyň taslamasy hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi. 



Milli Liderimiz harytlaryň käbir görnüşlerini daşary ýurtlarda ýerlemegiň hem-de olary ýurdumyzyň çäklerinden çykarmagyň tertibini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini nygtap, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýurdumyzyň önüm öndürijilerini höweslendirmäge, olaryň önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini  belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen Karara gol çekip, bu resminamadan gelip çykýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi  hem-de bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.



Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.