News

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VI mejlisi
21 Apr
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VI mejlisi

2016-njy ýylyň 20-nji aprelinde türkmen bedewiniň ählihalk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VI mejlisi boldy. Nobatdaky mejlis kaşaň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi. Mejlise Aziýanyň, Ýewropanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň 20 ýurdunyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň hatarynda ABŞ, Kanada, Urugwaý, Germaniýa, Fransiýa, Şwesiýa, Niderlandlar, Hytaý, Mongoliýa, Eýran, Russiýa, Özbegistan we beýleki döwletlerden gelen myhmanlar bar.  

Mälim bolşy ýaly, bu assosiasiýa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2010-njy ýylyň awgustynda döredildi. Onuň esasy maksady türkmen halkynyň milli guwanjy, umumyadamzat gymmatlyklarynyň genji-känine goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandy bolan ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny saklap, onuň dünýä meşhur şöhratyny      has-da artdyrmakdan, daşary ýurtlaryň ahalteke atçylyk assosiasiýalaryny bir gurama birleşdirmekden ybaratdyr.