News

Hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedewlerine bagyşlanan täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy
22 Apr
Hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedewlerine bagyşlanan täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy

2016-njy ýylyň 21-nji aprelinde paýtagtymyzyň häkimliginiň binasynda, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde we Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Gadamy batly bedew” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.

Dabara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, il sylagly ýaşulular hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Täze kitap ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli türkmenistanlylara ajaýyp sowgat boldy. Täze kitaby ilkinji bolup Aşgabat atçylyk sport toplumynda bolan dabaraly çärä gatnaşyjylar aldylar.

Täze neşiriň maksady ahalteke bedewini türkmen halkynyň taryhy we ruhy gymmatlyklary bilen baglylykda görkezmekden ybaratdyr. Munuň özi Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda aýratyn ähmiýete eýedir.

Ahalteke bedewi türkmen tebigaty we ynsan zehini bilen döredilen gudratdyr. Milli Liderimiziň bu sözleri kitabyň many-mazmunyny kesgitledi. Kitap “Dünýäniň wajyplygy”, “Gadymyýetiň sedasy”,  “Türkmeniň ruhy baýlygy”, “Gözelligiň syrly dünýäsi”, “Edebi miras”, “At-myrat”, “Taryhyň içindäki taryh”  atly bölümlerden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň täze eserinde köpýyllyk barlaglar, pikir ýöretmeler, taryhy we edebi maglumatlar jemlenendir. Onda awtoryň atçylygyň milli däpleri baradaky çuňňur bilimleri, türkmen bedewlerine bagyşlanan nakyllarda, pähimlerde we parasatly sözlerde öz beýanyny tapan halk pähiminiň ägirt uly baýlygy şöhlelenýär.

Tanyşdyryş dabaralarynyň barşynda bellenilişi ýaly, täze neşir milli medeni mirasymyzy wagyz etmek işinde uly ähmiýete eýedir. Dabara gatnaşyjylar milli Liderimiziň türkmen halkynyň we bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda ägirt uly tagallasyny nygtadylar.