News

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
23 Apr
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

2016-njy ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy şeýh Jauan bin Hamad Al-Tanini kabul etdi. Ol Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Duşuşygyň barşynda köp ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň we ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirip, pikir alşyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň       hem-de Katar Döwletiniň energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýedigini belläp, bu ýurduň işewür toparlarynyň wekillerini tebigy gazy gaýtadan işlemek baradaky bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisini gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çagyrdy. Milli Liderimiz täze energiýa geçirijisiniň  tebigy gazyň Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etmäge, sebitiň möhüm ykdysady, durmuş we ynsanperwer meselelerini çözmäge ýardam etmelidigini nygtady. 

2017-nji ýylda Aşgabat Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul eder. Biziň ýurdumyz bu ugurda tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu abraýly  ýaryşlaryň türkmen paýtagtynda  gurulýan Olimpiýa şäherjiginiň—sebitdäki iri sport desgalar toplumynyň meýdançalarynda geçiriljekdigini belledi. 

Söhbetdeşligiň barşynda atçylyk ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Katar Döwletiniň Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy Şeýh Jauan bin Hamad      Al-Tani pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň döwrebap sport düzümini döretmekde gazanan üstünliklerine, şol sanda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gurlan täze Ahalteke atçylyk toplumynyň tehniki üpjünçiligine ýokary baha berdi. 

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we myhman birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik esasynda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.