News

Aşgabatda temmäkä garşy göreşmek boýunça Ýewropa sebit maslahaty geçirilýär
29 Apr
Aşgabatda temmäkä garşy göreşmek boýunça Ýewropa sebit maslahaty geçirilýär

2016-njy ýylyň 28-nji aprelinde “Ýyldyz” myhmanhanasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny ýerine ýetirmegiň meseleleri boýunça Ýewropa sebit maslahaty açyldy.

Bu iri maslahat BSGG-niň we onuň edaralarynyň, Konwensiýanyň sekretariatynyň köp sanly bilermenlerini, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de temmäkä garşy göreşmek boýunça Pudagara utgaşdyryjy toparyň wekillerini ýygnady. Daşary ýurtlardan  ýüzden gowrak maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda BSGG-niň  Ýewropa sebitiniň ýurtlarynyň 36-synyň saglygy goraýyş ulgamynyň, döwlet düzümleriniň ýolbaşçy işgärleri we hünärmenleri bar. 

Türkmenistanyň Hökümetiniň goldaw bermeginde hem-de BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň gatnaşmagynda guralan bu duşuşyk 2015-nji ýylyň sentýabrynda Litwanyň Wilnýus şäherinde kabul edilen ýakyn onýyllyk üçin hereketleriň degişli ýol kartasyny amala aşyrmak boýunça çäreleriň başlangyjy bolup durýar. Şol kartada BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň agza döwletleri üçin maksatnamalaýyn wezipeler beýan edildi.

Aşgabat maslahatynyň maksady Ýewropa ýurtlarynda temmäkä garşy göreşmek babatda soňky gazanylanlar barada maglumat alyşmak hem-de 2025-nji ýyla çenli temmäkiniň sarp edilmegini azaltmak boýunça  ählumumy maksada ilerletmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.