News

 Er-Riýadda ýokary derejede ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi
2 May
Er-Riýadda ýokary derejede ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi

2016-njy ýylyň 1-nji maýynda günüň birinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna resmi sapar bilen ugrady. 

Er-Riýadda geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň Patyşasy dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy   has-da giňeltmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýakyn geljek üçin ikitaraplaýyn özara hereketleriň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary gepleşikleriň esasy meselesi boldy. 

Gepleşikleriň çäklerinde türkmen-saud hyzmatdaşlygyny onuň ähli ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge, özara bähbitlere laýyk gelýän gatnaşyklaryň uly mümkinçiligini durmuşa geçirmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti  Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al Riýad” gündelik neşiriniň wekiline interwýu berdi. Munuň özi dostlukly ýurduň ägirt uly okyjylar köpçüliginiň häzirki zaman Türkmenistana, onuň amala aşyrýan içeri we daşary syýasatyna we elbetde, türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýetine örän uly gyzyklanma bildirýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. 

Şeýle hem şol  gün türkmen Lideri Saud Arabystany Patyşalygynyň goranmak, saglygy goraýyş, daşary işler, söwda we senagat, maliýe ministrleri, şeýle hem “SABIC” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyklary geçirdi. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi saparynyň birinji gününiň netijeleri boýunça Saud Arabystany Patyşalygynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler.