News

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna resmi sapary tamamlandy
5 May
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna resmi sapary tamamlandy

2016-njy ýylyň 3-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna resmi saparynyň çäklerinde Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy hem-de Medine şäherine baryp gördi.

Saud Arabystany Patyşasynyň “Al Ýamama” Köşgünde geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklere özara gyzyklanma bildirilip, birek-birege ynanyşmak hem-de işjeň häsiýete eýe boldy. 

Netijeli gepleşikler hökümetara hem-de pudagara derejelerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekmek bilen tamamlandy. 

Şol gün hormatly Prezidentimiz Saud Arabystanynyň “Er-Riýad” gündelik neşiriniň wekiline interwýu berdi. 

Resmi saparyň ikinji günüň maksatnamasy hem wakalara baý boldy. Bu maksatnama hormatly Prezidentimiziň Er-Riýad şäheriniň Söwda-senagat edarasyna baryp görmekden başlandy. Şol ýerde milli Liderimiz Saud Arabystanynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy. 

Bu ýerde ýurdumyzda öndürilen harytlaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Oňat bezelen sergä, esasan, milli ykdysadyýetiň eksport ugurly pudaklarynyň önümleriniň, şol sanda dokma senagatynyň, çeper halyçylygynyň, şeýle hem senagat, gaýtadan işleýän kärhanalaryň önümleriniň nusgalary girdi. 

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem açyk asmanyň astyndaky “Ad-Diriýa” taryh muzeýi boýunça tanyşlyk gezelenjini amala aşyrdy. Munuň özi türkmen-saud gatnaşyklarynyň köpugurlydygyny görkezdi. Onuň medeni – ynsanperwer ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. 

Şeýle hem, saparyň dowamynda milli Liderimiz Mekgede keramatly Käbä zyýarat etdi, munuň özi şu gezekki taryhy sapara aýratyn ruhy öwüşgin çaýdy.