News

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarus Respublikasyna resmi sapary
13 May
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarus Respublikasyna resmi sapary

2016-njy ýylyö 11-12-nji maýyndaky türkmen Lideriniň Belarus Respublikasyna resmi saparynyň birinji gününde Minsk şäherinde ýokary derejede türkmen-belarus gepleşikleri üstünlikli geçirildi. Ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň hem-de Belarus Respublikasynyň ýola goýlan, däp bolşy ýaly, netijeli häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklary tassyklanyldy. Dostlukly döwletleriň Liderleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda geçirilen nobatdaky ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde uzakmöhletli geljek üçin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi. 

    Söwda-ykdysady we medeni – ynsanperwer  ulgamlarda netijeli türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň ençemesine gol çekilmegi-de munuň aýdyň subutnamasydyr. Taraplaryň strategiki hyzmatdaşlygyň ruhuna laýyk gelýän deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary dowam etdirmek meýli belarusyň paýtagtynda iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň arasynda geçirilen işewürlik duşuşygynyň çäklerinde hem tassyklanyldy.

    Saparyň ikinji gününiň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Aleksandr Lukaşenkonyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň dostlukly ýurduň paýtagtyndaky täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.Şeýle hem şu günler Minsk şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär.