News

Türkmen türgenleri çempionaty üstünlikli başlaýarlar
28 May
Türkmen türgenleri çempionaty üstünlikli başlaýarlar

2016-njy ýylyň 27-nji maýynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary toplumynda sambo boýunça Aziýanyň çempionaty başlady. Bu ýaryşa 17 ýurtdan 400-e golaý türgen gatnaşýar. Ýaryşyň ilkinji güni Türkmenistanly türgenler 23 medala— dokuz altyn, ýedi kümüş we ýedi bürünç medala mynasyp boldular. Bu netije türgenlerimiziň umumy toparlaýyn hasapda birinji orny ynamly özünde saklamaklaryna ýardam edýär.