Customs Service News

Türkiýe Respublikasynda «Temmäkä garşy göreşmek boýunça Türkiýäniň tejribesi» atly okuw çäresi
29 May
Türkiýe Respublikasynda «Temmäkä garşy göreşmek boýunça Türkiýäniň tejribesi» atly okuw çäresi

2016-njy ýylyň 23-27-nji maýy aralygynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan guralan Türkiýäniň Ankara şäherinde «Temmäkä garşy göreşmek boýunça Türkiýäniň tejribesi» atly okuw çäresi geçirildi. 

Bu okuw çäresine gatnaşan Türkmenistanyň wekiliýeti iki topardan ybarat boldy. Çilim çekmegi ret etmek boýunça lukmançylyk-maslahat beriş hyzmatlaryny ösdürmek boýunça topar we temmäki önümleriniň getirilmegi we söwdasy babatda kadalaryň berjaý edilmegi we berkidilmegi, şeýle hem ilatyň arasynda temmäkini sarp edilmegini azaltmagyň usullary boýunça topar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan kapitan A.Rahmanow ikinji toparyň düzüminde bu okuw çäresine gatnaşdy.