Customs Service News

Bişkekde sebitleýin duşuşyk geçirildi
30 May
Bişkekde sebitleýin duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň konteýnerleri daşamalara gözegçilik etmek baradaky Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri üçin sebitleýin 3-nji duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyk şu ýylyň        25-26-njy maýy aralygynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirildi. 

Bu duşuşygyň maksady haryt tapgyrlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin özara herekete gönükdirilýär.

Çärä şeýle-de Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň gümrük gulluklaryndan wekiller we halkara hünärmenler gatnaşdy.