News

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň işewürleriniň wekilleri bilen duşuşdy
9 Jun
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň işewürleriniň wekilleri bilen duşuşdy

2016-njy ýylyň 8-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkezine bardy. Döwlet Baştutanymyz şu ýerde bu jemgyýetçilik guramasynyň agzalary bilen duşuşdy.



Döwlet Baştutanymyz bu ýerde guralan sergide görkezilýän önümler bilen tanşyp, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýan önümleriň köp ugurlarynyň önümçiligi boýunça alyp barýan işleriniň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz telekeçileriň ünsüni ýokary tehnologiýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup bilýän önümçiligiň döredilmegine, eksport ugry bolan kärhanalaryň, döwrebap oba hojalyk toplumlarynyň ösdürilmegine çekip, bu babatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygyna degişli görkezmeleri berdi. 



Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň maslahatlar zalyna bardy. Bu ýere hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, birleşmäniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, onuň welaýatlardaky düzümleýin bölümleriniň, hususy telekeçiligiň iri kärhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri ýygnandylar.



Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň başynda duşuşygyň ýubileý ýylynda we Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda geçirilmeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.



Milli Liderimiziň bu duşuşygynyň baş maksady Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň öňünde durýan wezipeleri kesgitlemekden, şeýle hem bar bolan meseleler barada duşuşyga gatnaşyjylaryň pikirini diňlemekden we olary çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.