News

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministrini kabul etdi
10 Jun
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministrini kabul etdi

2016-njy ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministri Sergeý Şoýguny kabul etdi.



Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alşyp, dürli ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny aýtdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Russiýa köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde  hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.



Sebit we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakda hem-de häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna, şol sanda terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşde tagallalary birleşdirmekde hyzmatdaşlyk etmek söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy. Häzirki wagtda bu meseleler tutuş dünýä jemgyýetçiligini alada goýýar.



Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu dostlukly türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.



Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gatnaşdy.