News

  Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
15 Jun
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi

2016-njy ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary U Hunbony kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we ýokary wezipeli myhman netijeli gatnaşyklary, şol sanda Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek ýaly möhüm ugurda hyzmatdaşlygy  mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň öňe süren, sebit we ählumumy ulag-üstaşyr düzümi, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa ýaly möhüm ulgamlarda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge degişli döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki wekilçilikli forumlaryň belent münberinden beýan edilen  bu teklipler dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy. 

Dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýän durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri bolan ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada hem özara gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bu ugurda, şol sanda BMG-niň çäklerinde giň özara gatnaşyklar ugrunda çykyş edip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde giň möçberli taslamalaryň başyny başlaýar we durmuşa geçirýär, halkara utgaşdyrylan ulag-üstaşyr düzümini döretmäge saldamly goşant goşýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary U Hunbo hoşlaşanlarynda, ýurdumyzyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen we ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.