News

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanyldy
15 Jun
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanyldy



Bu hoş habar ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinden gelip gowuşdy, şol ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasy ýerleşýär. Şeýlelikde, Türkmenistan eýýäm bäşinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanylýar. Munuň özi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we umumy bähbitlere laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyň netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.