News

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden
2 Jul
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

2016-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, mukaddes Oraza baýramynyň mähriban halkymyzyň durmuşynda örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Halkymyz üçin bu baýram haýyr-sahawatyň, ýagşylygyň, agzybirligiň we ynsanperwerligiň baýramydyr. Bu ajaýyp baýram adamzadyň beýik ruhy gymmatlyklaryny dabaralandyrýar, halklary özara ýakynlaşdyrýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bu baýramyň many-mazmunynda halkymyzyň beýik medeniýeti, gadymy däp-dessurlary, ynanç-adatlary jemlenendir. Şoňa görä-de, biz bu baýramy ýurdumyzda giňden belläp geçýäris. 

Döwlet Baştutanymyz egindeşlerini we olaryň üsti bilen türkmenistanlylary ýetip gelýän mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş arzuw etdi. “Bu mukaddes aýda il-günümiziň agzybirligi we abadançylygy, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň asudalygy we mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin eden doga-dilegleriňiz, namaz-orazaňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, milli Liderimiz belledi. 

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti mejlisiň barşynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köp asyrlyk däp-dessurlaryny, ruhy mirasymyzy aýawly saklamak maksady bilen, şu ýylyň 6-njy iýulynda Oraza baýramyny bellemek hem-de bu güni iş güni däl diýip yglan etmek hakynda Permana gol çekdi. 

Mejlisde Döwlet Baştutanymyz dünýäniň döwletleri, şol sanda goňşy ýurtlar bilen halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň täze mümkinçiliklerini öwrenmegiň möhümdigini nygtap, «Harytlaryň käbir görnüşlerini Türkmenistanyň çäklerinden daşary alyp gitmegiň tertibini kämilleşdirmek hakyndaky» karara gol çekdi we onuň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak babatda görkezme berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.