News

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden
7 Jul
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden



2016-njy ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2016-njy ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň jemi jemlenildi.

Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň olaryň işini kämilleşdirmek hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. 

Hasabatyň barşynda Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew ýolbaşçylyk edýän edarasynyň şu ýylyň alty aýynda alyp baran işleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ähli gümrük bölümleriniň takyk hem-de sazlaşykly işini guramak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga hem-de olar üçin göwnejaý iş we durmuş şertlerini döretmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtap, gümrük gullugynyň ýolbaşçylaryna birnäçe tabşyryklary, şol sanda ýurdumyza getirilýän önümleriň, olaryň bellenen  hil ölçeglerine doly laýyk gelmeginiň içgin gözden geçirilmegini üpjün etmek, halkara derejesinde ýük gatnawlarynyň artýandygyny nazara alyp, gümrük bölümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.