News

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary
9 Jul
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş sapary

2016-njy ýylyň 7-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gündogar welaýatyna başlanan iş saparynyň barşynda saglygy goraýyş işgärleri üçin niýetlenen täze döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutmak çäresine, birnäçe möhüm durmuş-ykdysady desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toparyna seredildi.

2016-njy ýylyň 8-nji iýulynda Lebap welaýatyna iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Hytaýyň “CNPC” milli nebitgaz korporasiýasynyň Direktorlar geňeşiniň başlygy jenap Wan Ilini, “Petro China Company Limited” kompaniýasynyň wise-prezidenti we “CNPC”-niň baş direktory jenap Lýuý Gunsuny hem-de “CNPC”-niň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň baş direktory jenap Den Minmini kabul etdi. Duşuşyk Türkmenabat şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçirildi.

Şeýle-de 8-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Garabekewül etrabynyň Zelili adyndaky geňeşliginde Berkarar zaman şäher görnüşli täze döwrebap obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.