News

Türkmenistanda Rim Papasynyň Doly ygtyýarly wekili işe başlady
14 Jul
Türkmenistanda Rim Papasynyň Doly ygtyýarly wekili işe başlady

2016-njy ýylyň 13-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Rim Papasynyň Türkmenistandaky Doly ygtyýarly wekili, Watikanyň nunsiýasynyň Apostoly jenap Paul Fitspatrik Rasselden ynanyç hatyny kabul etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ýöredýän durmuş ugurly syýasatynyň esasyny düzýän ynsanperwer gymmatlyklar döwletiň demokratik sütünlerini berkitmäge, jemgyýetde ata-babalarymyzyň wesýet eden ruhy we ahlak gymmatlyklaryny, umuman, adamyň abadançylygyny goramaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, nunsiý Apostola gender deňligi meseleleriniň çözülişi, köp çagaly maşgalalary goldamak, ilaty sport we sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek, ýaşlary terbiýelemek meselelerini  çözmek babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi. Ata-babalarynyň parasatly wesýetlerine, milli taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamaga we ýaýmaga ygrarly bolan türkmen jemgyýetiniň durmuşynda Ýaşulular maslahatynyň eýeleýän ornuna, şunuň bilen baglylykda, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän çärelere aýratyn üns berildi.    

Şeýle hem Watikanyň Doly ygtyýarly wekili milli parlamentiň düzümi hem-de kanunçykaryjylyk işiniň ugurlary bilen tanyşdyryldy.