News

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen baştutanyny kabul etdi
21 Jul
Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen baştutanyny kabul etdi

2016-njy ýylyň 20-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen baştutany hanym Natalýa Drozdy kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropada Howpsuzlyk hyzmatdaşlyk guramasynyň arasynda özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman soňky ýyllarda durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalaryň netijeli häsiýete eýedigine ýokary baha berdiler. Sebit we ählumumy derejede parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmegiň umumy maksatlarynyň we wezipeleriniň nukdaýnazaryndan taraplaryň yzygiderli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygy tassyklandy. Ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamlary, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, ynsanperwer gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. 

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde dürli ugurlarda taslamalaryň 27-si üstünlikli amala aşyrylýar. 

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze baştutany mähirli kabul edilendigi hem-de hoşniýetli arzuwlary üçin hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, güneşli we hakykatdan-da, Merkezi Aziýanyň ak mermerli merjeni bolan türkmen paýtagtynyň gözelligine haýran galýandygyny aýtdy we özüniň Türkmenistanda – durmuş-ykdysady ösüşiň ýolunda gazanan üstünlikleri bilen giňden tanalýan hem-de diňe bir sebitiň döwletleri  üçin däl-de, eýsem, tutuş dünýä üçin nusgalyk ýurtda diplomatik wezipä bellenilmegine buýsanýandygyny aýtdy. 

Hanym Natalýa Drozd hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmak üçin  tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.