News

Aşgabatda “Saglyk -- 2016” atly Halkara sergisi we ylmy maslahat öz işine başlady
21 Jul
Aşgabatda “Saglyk -- 2016” atly Halkara sergisi we ylmy maslahat öz işine başlady

2016-njy ýylyň 20-nji iýunynda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän “Saglyk -- 2016” atly Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Her ýyl geçirilýän bu forum iň iri we abraýly çäreleriň biri bolup, lukmançylyk ylmynyň hem-de ony iş ýüzünde peýdalanmakda häzirki zaman gazanylanlary äşgär etmäge hem-de ornaşdyrmaga ýardam berýär.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny innowasiýa ýoly bilen ösdürmekde gazanan üstünliklerine  halkymyzyň saglygyny hem-de durmuş derejesini düýpli gowulandyrmagyň esasy görkezijisi hökmünde garalýar, bu “Saglyk-2016” atly Halkara sergisinde aýdyň görkezilýär, iri möçberli gözden geçiriliş Türkmenistanyň lukmançylyk ylmynda we senagatynda, ilatyň saglygyny goramakda gazananlaryny hem-de ägirt uly mümkinçiliklerini, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ugurda işjeň gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini äşgär edýär.