News

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Galla baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy
18 Jul
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Galla baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy

2016-njy ýylyň 17-nji iýulynda ýurdumyzda ählihalk dabarasy bolan we türkmen gallaçylarynyň zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň sahawatyny alamatlandyrýan Galla baýramy giňden bellenildi. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek we Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň dabaralandyrylýan ýylynda ýurdumyzyň gallaçylary Watan harmanyna 1 million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar.

    Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde Galla baýramy mynasybetli hasyl ussatlaryny hormatlamak dabaralary, medeni- köpçülikleýin we sport çäreleri, ylmy maslahatlar, sergiler, ähli ýerde türkmen toýuna mahsus dabaralar guraldy. Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk çärelerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. 

    Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylary, oba hojalyk işgärlerini  ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän, sahawatly türkmen topragynyň rysgal-berekediniň we bolçulygynyň baýramy bolan Galla baýramy bilen gutlap, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň  ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen öňe barýandygyny belledi. Halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Şol tutumly bu işleriň netijesinde, eziz Diýarymyz dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. 

    Goý, türkmen topragynda ata-babalarymyzdan miras galan ak bugdaýyň berekedi hiç haçan egsilmesin diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlagynyň ahyrynda aýtdy. Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda kakasy Mälikguly aganyň 12 ýaşynda ýazan we 1944-nji ýylda çap edilen goşgusyndan bir bendi okady. 



Agronomiýa usuly bilen tohum sepeliň.

Gerek bolan dökünleri dökeliň;

Güýzlük, ýazlygy öz wagtynda ekeliň!

Ýaryş gurap, köp ekeliň dänäni



!