News

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy
19 Aug
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy

2016-njy ýylyň 18-nji awgustynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly baýramçylyga - eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna taýýarlyk görmek boýunça Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň ýagdaýy hem-de taýýarlyk derejesi bilen tanyşlygyň barşynda gurluşyk işleriniň hiline berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny ýene-de bir gezek belledi. Ata  Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek meselesi barada durup geçip, şanly sene mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak meselelerine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Baýramçylyk çäreleriniň täze taryhy eýýamyň döredijilik ruhuny hem-de şunuň bilen birlikde, milli medeniýetiň baýlygyny özünde jemlemelidigini,  türkmen halkynyň bitewüliginiň we agzybirliginiň, ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgelerine hem-de wesýetlerine ygrarlylygynyň beýanyna öwrülmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegiň ähmiýetini nygtady.  Milli Liderimiz baýramçylyk dabaralarynyň türkmenistanlylaryň hem-de ýurdumyzyň myhmanlarynyň ýadynda müdimilik galmagy üçin eýýäm häzirden bu çäreleri guramak hem-de geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde işlemegiň wajypdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk çäreleriniň ata Watanymyzyň iň täze taryhyna ýene-de bir ajaýyp sahypany ýazmalydygyny nygtady hem-de ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.