Habar

2022-nji ýylyň 17-19-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili paýtagtymyzyň Arçabil myhmanhanasynda gibrid görnüşinde geçirilen Merkezi Aziýanyň serhetleri dolandyrmak işine gatnaşýan harby we hukuk goraýjy edaralary üçin Töwekgelçiligiň strategiki derňewini güýçlendirmek boýunça sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdy. Okuw maslahaty Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.

Okuw maslahatyň dowamynda, oňa gatnaşyjylar FRONTEX tarapyndan işlenip düzülen we ÝB-niň agza ýurtlarda töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamlaryny ornaşdyrmak üçin ulanylýan umumy toplumlaýyn töwekgelçilik derňew modeliniň (CIRAM) esasy ýörelgeleri bilen tanyşdylar. Bu ulgam serhet howpsuzlygy babatda ýurduň kuwwatyny ep-esli berkitmäge we gözegçilik hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, birleşdirilen ulgamyň ulanylmagy, maglumat alyş-çalşynyň hilini ýokarlandyrýar we serhetüsti jenaýatçylyga garşy üstünlikli göreşi alyp barmak üçin sanly platformany üpjün edýär.

Latwiýanyň Döwlet serhet gullugynyň kollejiniň we Milli gümrük gullugynyň bilermenleri CIRAM-yň esasy ýörelgeleri barada çykyş etdiler. Gatnaşyjylara strategiki dolandyryş, maglumat alyşmak we seljeriş işlerini geçirmegiň häzirki zaman gurallary we usullary barada giňişleýin maglumatlar berildi.