Habarlar

Ylymlar gününde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynda maslahat geçirdi
13 Iýun
Ylymlar gününde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynda maslahat geçirdi

2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanan maslahat geçirdi diýip Türkmen Döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň, professorlarynyň, mugallymlarynyň gatnaşmagyndaky dabaraly maslahaty açyp, bu ýere ýygnananlary hem-de ýurdumyzyň ähli ylmy jemgyýetçiligini bu ajaýyp baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady.

Biz şu gün — jemgyýetimizi jebisleşdirýän baýram bolan Ylymlar gününde Garaşsyz Watanymyzyň ylym we bilim ulgamlarynda özgertmeleri mundan beýläk-de giň gerim bilen amala aşyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandyk diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Maslahatda Döwlet Baştutanymyz Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysynyň çykyşyny diňläp, birnäçe degişli resminamalara gol çekmek kararyna gelendigini habar berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini mundan beýläk-de çaltlandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasiýalar hem-de ylmyň gazananlary esasynda ykdysadyýetimizi ösdürmekde ylmyň tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hakyndaky» Karara gol çekdi. Şeýle hem, «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topary döretmek hakyndaky» Karara gol çekdi.

Geçirilýän ylmy maslahatlaryň, ylmy saparlaryň, ylmy innowasion oýlap tapyşlaryň hem-de bilelikdäki halkara ylmy taslamalaryň maliýeleşdirilişini kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ylymlary ösdürmegiň gaznasyny döretmek hakyndaky» Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Watanymyzyň ylmy kuwwatyny has-da artdyrmak, Ylymlar akademiýasynyň we onuň garamagyndaky ylmy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ylmy işgärleri ýokary derejede taýýarlamagy döwlet tarapyndan giňden goldamak maksady bilen, Ylymlar akademiýasyna 35 million manat möçberde pul serişdesini bölüp bermek barada karara gelendigini belläp, «Türkmenistanyň ylym ulgamyny ösdürmegi maliýe taýdan goldamak hakyndaky» Karara hem gol çekdi.

Şeýle hem, maslahatda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretmek hakyndaky» Perman, «Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutyny Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty diýip atlandyrmak hakyndaky» Karar, «Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty diýip atlandyrmak hakyndaky» Karar, «Türkmen döwlet medeniýet institutynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky» Karar, «Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gurluşyny tassyklamak hakyndaky» Karara hem gol çekdi.