News

Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady
24 Aug
Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady

2016-njy ýylyň 23-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Oktawino Alimudinden ynanç hatyny kabul etdi.



Diplomat Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Gyzyklanma bildirýän hyzmatdaş ýurtlaryň ählisi bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ýola goýmak şol syýasatyň esasy ýörelgesi bolup durýar. Şeýle hem diplomata türkmen Lideriniň başyny başlan özgertmeleriniň barşy barada gürrüň berildi. Şol özgertmeler bolsa türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine amala aşyrylýar hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy alamatyna öwrüldi.



Diplomat häzirki wagtda dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň biri bolan Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, iki ýurduň milli bähbitleri nazara alnyp ýola goýulýan köpugurly gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.