News

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinden
16 Sen
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinden

    2016-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda 14-nji sentýabrda geçirilen Ýaşulular maslahatynyň netijeleri jemlendi, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

    Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary degişli düzümlerde geçirilýän işler barada hasabat berdiler. 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, şanly baýramçylyk mynasybetli meýilleşdirilen dabaraly harby ýörüşe we beýleki köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işlerine örän guramaçylykly we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi

Milli Liderimiz  ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümlerinde geçirilýän işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz düzümleriň işiniň kämilleşdirilmegi, harby gullukçylar we beýleki düzümleriň işgärleri üçin döredilýän şertler bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Bu düzümlerde amala aşyrylýan işleriň harby gullukçylaryň saýlap alan hünärine bolan höwesini artdyrmalydyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu ugurda maksatnamalaýyn çäreleriň yzygiderli alnyp barylmalydygyny aýratyn belledi.