News

 Milli Liderimiz Ýaşulularyň maslahatyny geçirdi, onda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi
15 Sen
Milli Liderimiz Ýaşulularyň maslahatyny geçirdi, onda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi

2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Aşgabatda Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde döwletimiziň we jemgyýetimiziň taryhyna täze sahypany ýazan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty geçirildi. 

Eziz Watanymyzyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilen umumymilli maslahatyň gün tertibine geçen döwrüň içinde gazanylan netijeleri jemlemek, düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan hem-de bu ýolda ägirt uly üstünlikleri gazanan ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi. 

Geçirilen Ýaşulularyň maslahaty möhüm, taryhy waka—milli hukuk ulgamynyň daýanjy, Kanunyň rüstemliginiň, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, hakyky halk häkimiýetliligi ýörelgeleriniň mizemezliginiň kepili bolup çykyş edýän, eziz Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine okgunly çykmagyny üpjün edýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegine beslendi.