News

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri Halkara howa menzilini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy
18 Sen
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri Halkara howa menzilini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy

2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de daşary ýurtlardan gelen köpsanly hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň esasy howa derwezesiniň – türkmen paýtagtynyň täze Halkara howa menziliniň açylmagy mynasybetli uly dabara boldy.

Bu waka Türkmenistany yklymyň iri ulag-logistik merkezine, Ýewropany we Aziýany baglanyşdyrýan möhüm halka öwürmek boýunça milli Liderimiziň ägirt uly pikirini durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu öz nobatynda ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri, geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de netijeli içeri we daşary syýasaty bilen şertlendirilen ägirt uly ykdysady kuwwatyny amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleri döreder. 

Hyzmat etmek babatda Aşgabadyň howa menzili aeronawigasiýa düzüminiň ösdürilmegine we ýolagçylara hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmaga täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde dünýäde ykrar edilen öňdebaryjy howa menzilleri bilen mynasyp bäsleşmegi göz öňünde tutýar.

Bu ýerde serhet, gümrük we migrasiýa gulluklarynyň işi döwrebap derejede ýola goýuldy. Ýokary halkara ölçeglerine laýyklykda howa gämileriniň ýerüsti hereketini guramak we dolandyrmak, el goşlaryny hem-de ýükleri işläp geçmek ulgamynda howpsuzlygyň we kadalaşdyrmagyň ähli talaplaryny üpjün etmäge toplumlaýyn çemeleşme amala aşyryldy. 

Ýurdumyzyň esasy howa derwezesi Türkmenistanyň ulag ulgamynda ähli babatda göreldeli toplumdyr. Onuň ýükleriň daşalmagynyň hem-de ýolagçylaryň gatnadylmagynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýän önümçilik kuwwatlyklary örän uludyr.