News

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygyndan
12 Oct
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygyndan

2016-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy. 

Özara ynanyşmak hem-de işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ýakyn we uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyldy. 

Şunda prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow söwda-ykdysady ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezip, bu ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek hem-de ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin uly kuwwatyň bardygyny bellediler. Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn ykdysady özgertmeler bilen baglylykda bu gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly mümkinçilikler döreýär. Şol özgertmeler bolsa milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga, degişli düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleriň köp görnüşini çykarmaga niýetlenen ýokary tehnologiýaly täze önümçilikleri döretmäge gönükdirilendir. 

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigini tassykladylar hem-de bu netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.