News

Türkmen halky baş milli baýramyny – eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyny belleýär
28 Oct
Türkmen halky baş milli baýramyny – eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyny belleýär

2016-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda tutuş ýurdumyz uly joşgun bilen özüniň baş milli baýramyny—Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyny giňden we dabaraly belleýär.   Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň täze taryhynda ägirt uly işleriň döredijilik kuwwatyny alamatlandyrýan Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. 

Özygtyýarlylygynyň çärýek asyrynyň içinde Türkmenistan ilatynyň ýokary durmuş derejesine, ykdysadyýetde, syýasatda, jemgyýetçilik ösüşinde, ylym we medeniýetde ýokary üstünliklere eýe bolan ýurtlaryň birine öwrüldi. Dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak, beýleki döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, iri halkara guramalary, ozaly bilen, BMG bilen özara ýakyn gatnaşyklary saklamak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Bu guramanyň ýörite kararnamasy bilen dünýä taryhynda ilkinji gezek Türkmenistana halkara bileleşigi tarapyndan makullanylan Bitaraplyk derejesi berildi. 



Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabaralar





    Ägirt uly baýramçylyk dabarasy harby ýörişden başlanýar.  Ol türkmen esgerleriniň ýokary taýýarlygyny hem-de ussatlygyny görkezdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew döwlet Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň goranyş kuwwatynyň gözden geçirilişiniň başlanmagyna ähli zadyň taýýardygy barada hasabat berýär.   Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, nyzama duran dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy goşun bölümleriniň öňünden geçip, olar bilen salamlaşýar. Öz nobatynda, harby gullukçylar Belent Serkerdebaşymyzy mübärekleýärler.   

    Sagadyň dilleri 10.00 görkezdi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dabaraly ýagdaýda galdyrylýar. Meýdançada nyzama düzülen esgerler, serkerdeler we harby talyplar eziz Watanymyza, mähriban halkymyza hem-de hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny ýerine ýetirýärler. 

    Baýramçylyk ýörişini baýdak göterijiler topary açýar. Taryhyň ähli döwürlerinde bolşy ýaly, häzirki döwürde hem ýurdumyzda baýdaga mukaddeslik hökmünde garalýar. Hormat garawuly batalýonynyň esgerleri dabaraly ýörişiň sazynyň astynda Döwlet münberiniň öňüne Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny we milli Ýaragly Güýçlerimiziň goşunlarynyň ähli kysymlarynyň söweşjeň baýdaklaryny getirýärler. 

    Berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörüşi milli Ýaragly Güýçlerimiziň Göreldeli harby orkestri dabaralandyrýar. 

    Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna harby ýörişiň tamamlanmagy bilen dabara, ýurdumyzyň zähmetkeşleriniň ýörişi bilen dowam etdi. 





“Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada konsert çykyşlary

    



Şol gün agşamara “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Garaşsyzlyk güni mynasybetli konsert çykyşlary boldy. Bu ýere paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar.   

    Garaňky düşmegi bilen baýramçylyk salýutynyň gümmürdileri ýaňlandy we gijeki asmanda “Älem” merkeziniň syn ediş ägirt uly çarhynyň depesinde müň dürli reňkli öwüşginler peýda boldy. Garaşsyzlyk güni mynasybetli feýerwerkler ýurdumyzyň ähli welaýatlaryň dolandyryş merkezlerinde hem gijeki asmany bezedi.