News

 Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi
7 Dec
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi

2016-njy ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasini kabul etdi.  

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň mähirli salamlaryny ýetirdi. Grigoriý Karasiniň belleýşi ýaly, Russiýada Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýärler hem-de köp ýyllyk hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýärler.   

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Bu syýasat tutuş dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine özara netijeli hyzmatdaşlygy ugur edinýär. 

Döwlet Baştutanymyz RF-niň Prezidentine hem-de Hökümetiniň Başlygyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýollap, türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň durnukly derejesini kanagatlanma bilen belledi.  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşmagyň barşynda ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň, şol sanda Türkmenistanyň we Russiýanyň baştutanlarynyň şu ýylyň noýabrynda Soçide bolan duşuşygynyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berdiler. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekili halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi, ilkinji nobatda, sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly möhüm meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Geljek ýylda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýyl dolýandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz we myhman bu şanly senä bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek bilen bagly meseleler barada durup geçdiler.