News

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
13 Dec
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

    2016-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan milli senenamanyň esasy seneleriniň biri bolan Bitaraplyk halkara-hukuk derejesine eýe bolmagynyň 21 ýyllygyny giňden belledi. Şöhratly sene mynasybetli tutuş ýurdumyz boýunça baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandy. Türkmen paýtagty dabaralaryň esasy merkezine öwrüldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.

    Dabara gatnaşyjylaryň arasynda Mejlisiň Başlygy hem-de deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, ýurdumyzda işleýän ilçihanalaryň hem-de diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we talyp ýaşlar bar.

    Bu ýere ýygnananlar häzirki eýýamda Türkmenistanyň okgunly ösüşini şertlendiren hem-de ata Watanymyza halkara derejesinde belent abraý getiren täzeçillik, öňdengörüjilikli syýasaty bilen tanalýan hem-de döredijilikli parahatçylykly başlangyçlaryň başyny başlaýjy hormatly Prezidentimizi uly joşgun bilen garşyladylar. 

Şol gün Türkmenistanyň Milli baýramynyň — Bitaraplyk gününiň hormatyna “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.