News

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Demokratik partiýasy tarapyndan ýokary wezipä hödürlendi
16 Dec
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Demokratik partiýasy tarapyndan ýokary wezipä hödürlendi

    Möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek işleri barha işjeňleşýär. Häzir milli kanunçylyga laýyklykda, ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek başlandy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda kabul edilen Mejlisiň Karary bilen, döwlet Baştutanynyň saýlawlaryny 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirmek bellenildi. Giň bäsdeşlik esasy türkmen jemgyýetinde onuň gadymdan gelýän demokratik däplerini has-da berkitmegiň aýrylmaz şerti hökmünde ýaýbaňlandyrylan möwsümiň baş ýörelgesi bolup durýar. 

    2016-njy ýylyň 14-nji dekabrynda jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ýurdumyzyň Prezidentligine dalaşgär hödürlemäge bagyşlanan maslahaty geçirildi.

    Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar ýokary döwlet wezipesine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hödürlemek baradaky teklibe garadylar. Çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň görnükli ýolbaşçylyk we guramaçylyk aýratynlyklaryny, milli ösüş maksatnamalaryny amala aşyrmakda bitiren ägirt uly hyzmatlaryny we bu babatda ýetilen belent sepgitleri, döwlet işinde toplan uly tejribesini, pikir ýöretmegiň strategik nusgasyny bellediler.