News

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hödürlendi
16 Dec
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hödürlendi

    2016-njy ýylyň 15-nji dekabrynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkezinde Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde boljak saýlawlaryna dalaşgärleri hödürlemek meselesine garamagyň barşynda “Rysgal” Paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýew Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezmek baradaky teklip ara alnyp maslahatlaşyldy. 

    Ara alyp maslahatlaşmagyň netijeleri boýunça Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenildi.

    Bu ýerde çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, B.Atalyýew Mejlisiň deputaty hem-de örän jogapkärli we tejribeli ýolbaşçy bolup durýar. Salyhatly we işeňňir adam göreldeli maşgalabaşy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen işgärler toparynyň uly abraýyna mynasyp boldy. Onuň bitiren hyzmatlaryny, guramaçylyk ukybyny, ýolbaşçy wezipedäki iş tejribesini belläp, maslahata gatnaşyjylar ony Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärlige hödürlemek hakyndaky çözgüdi biragyzdan goldadylar.