News

Türkmenistan Aziada-2017-ä tarap
22 Dec
Türkmenistan Aziada-2017-ä tarap

Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň gönüden-göni gatnaşmagynda we ýolbaşçylygynda sportuň we bedenterbiýäniň ösüşine gönükdirilen giň möçberli işler amala aşyrylýar. Bu günki gün sport mekdepleridir desgalary diňe bir paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde däl, eýsem her bir etraplarymyzda hem guruldy. Hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça syýasaty uzakmöhletleýin umumymilli maksatnamanyň çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk gazananmagy ýurdumyzyň sport durmuşyndaky möhüm waka boldy. 

Biziň ýurdumyzda gurulýan özboluşly sport desgalarynyň biri hem Olimpiýa şäherjigi bolup durýar. Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk bu şäherjikde 2017-nji ýylda «Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa Oýunlary» geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, gerimi we ähmiýeti taýdan görlüp-eşidilmedik bu taslamanyň başlangyjyny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi goýdy. 2010-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Döwlet baştutany Olimpiýa şäherjiginiň – 30-dan gowrak desgany öz içine alýan köpugurly sport toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna Milli Olimpiýa komitetlerinden 62 döwlet gatnaşar. Ýaryşlar jemi 21 sany sport görnüşi boýunça geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şygary hökmünde «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.» şygary saýlanyp alyndy we makullanyldy. Bu şygarda sportuň esasy üç ýörelgesi öz beýanyny tapýar.

Sagdynlyk. Esasy durmuş gymmatlygy hökmünde ynsan saglygyny berkarar etmek. 

Ruhubelentlik. Ýeňşe bolan ylhamy we höwesi ruhlandyrmak.

Dostluk. Dost-doganlyk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny ýola goýmak.