News

Ýurdumyzyň baş arçasy dürli öwüşginli yşyklara beslendi
24 Dec
Ýurdumyzyň baş arçasy dürli öwüşginli yşyklara beslendi

2016-njy ýylyň 23-nji dekabrynda ýurdumyzyň Baş arçasy dürli öwüşginli yşyklara beslendi. Ol hemmeleriň söýüp garşylaýan, köp garaşdyran we täsinliklere baý bolan Täze ýyl baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini alamatlandyrdy.  

    Täsin täze ýyl çykyşlary geçirilýän, aýdym aýdylyp, goşgy okalýan, bagtyýar çagalaryň gol tutuşyp daşyndan aýlanýan, ýurdumyzyň ähli oba-şäherleriniň baş meýdançalarynda goýlan Täze ýyl arçalarynyň hemmesiniň täsin yşyklary ýalpyldap ýandy. 

    Ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky ilkinji dabara çagalar horunyň, belli estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde Täze ýyla bagyşlanan şadyýan aýdym-sazly konsert bilen jemlendi.