Harytlary gümrük gözegçiligi astynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni hakynda düzgünnama
Türkmenistanyň Döwlet gümrükhanasynyň 1999-njy ýylyň 5-nji martynda çykaran № 6 buýrugy bilen tassyklanyldy Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi tarapyndan 1999-njy ýylyň 25-nji martynda 208-1 san bilen bellige alyndy. Harytlary gümrük gözegçiligi astynda gaýtadan işlemegiň gümrük düzgüni hakynda düzgünnama 1. Umumy düzgünler 1.1. Harytlary gümrük gözegçiligi astynda gaýtadan işlemek-gümrük düzgünidir, şunda daşary ýurt harytlary, soňra erkin dolanyşyga goýbermek bilen, gümrük gözegçiligi astynda harytlara ykdysady syýasatyň çäreleriňi ulanmak arkaly