Customs Control
Ulag serişdeleriniň giriş we çykyş deklarasiýalaryny doldurmagyň tertibi

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 16-njy iýulynda 1358 bellige alyş belgisi bilen döwlet bellige alyndy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2020-nji ýylyň 27-nji maýynda çykaran 62-nji buýrugy

 

Ulag serişdeleriniň giriş we çykyş deklarasiýalaryny doldurmagyň tertibini tassyklamak hakynda

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň «Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamyny ornaşdyrmak boýunça tehniki hyzmatdaşlyk baradaky taslamalaýyn Ylalaşygy baglaşmagy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda çykaran 14961-nji karary esasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ornaşdyrylýan gümrük maglumat ulgamyna laýyk getirilip kämilleşdirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 221-nji maddasyna laýyklykda, buýurýaryn:

1. Ulag serişdeleriniň giriş we çykyş deklarasiýalaryny doldurmagyň tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary D. Baýryýew gözegçilik etmeli.

3. Buýrugy degişli adamlaryň dykgatyna ýetirmeli.

 

Gullugyň başlygy                                             M. Hudaýkulyýew

Attachments
oops
Giriş we çykyş deklarasiýalaryny doldurmagyň tertibi

oops
Giriş we çykyş deklarasiýasy