Habar

2025-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň institutynyň guramagynda geçirilen «Gümrük barlaglary — 2025» atly halkara ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň dört sany wekili göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň we Belarussiýanyň gümrük edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy häzirki wagtda sanly ulgamy ösdürmek, “akylly gümrük” nokatlaryny döretmek, emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hem-de gümrük amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrunda giň gerimli işleri amala aşyrýar. Maslahata gatnaşan Gullugyň wekilleri bu ugurdaky öňdebaryjy tejribeleri, gazanylan üstünlikleri we durmuşa geçirilýän taslamalar barada çykyş etdiler.

Bu  ylmy-amaly maslahata gatnaşmagyň özi yzygiderli geçirilmegi gümrük ulgamynda sanlylaşdyrma proseslerini çaltlandyrmaga, innowasion çözgütleri sebitleýin derejede ornaşdyrmaga hem-de döwletleriň gümrük gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyny berkitmäge mümkinçilik berýär.

Bu ylmy-amaly maslahat gümrük ulgamyny sanlylaşdyrmak we innowasion çözgütleri sebitleýin derejede ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşmak, şol bir wagtda döwletleriň gümrük gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin oňyn mümkinçilik döretdi. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi we gatnaşylmagy gümrük işini ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitlemäge we halkara tejribe alyşmagyň derejesini ýokarlandyrmaga hem ýardam edýär.