Habar

Düýn COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň «Sinovac» kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “CoronaVac” waksinasynyň uly tapgyry Türkmenistana getirildi. Dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilen kliniki barlaglaryň netijesinde, bu waksina özüniň ýokary netijeliligini we howpsuzdygyny subut etdi.

Immunizasiýa milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň strategik ugurlarynyň biridir. Şol maksatnamanyň ileri tutulýan möhüm ugurlary ilatyň saglygyny gowulandyrmakdan, raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmakdan hem-de halkara ölçeglere kybap gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemekden ybaratdyr.

Hytaýda öndürilip, ýurdumyza getirilen waksinalar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde, şeýle hem Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynda saklanýar. Şol ýerlerde olary saklamak üçin hemme zerur şertler döredildi.

Koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, ilatyň immun derejesini durnuklylaşdyrmak üçin ýurdumyz eýýäm Russiýanyň “Sputnik V” we “EpiWakKorona”, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasyndan “BIOwak” waksinalaryny alypdy.

Ýurdumyza getirilýän waksinalaryň hemmesi Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we ÝUNISEF-niň tekliplerine pugta laýyklykda, “sowuklyk zynjyrynyň” talaplary berjaý edilmek bilen, ammarlarda saklanylýar.

COVID-19-yň aralaşmagynyň öňüni almaga niýetlenen waksinalaryň ýeterlik mukdarynyň gelip gowuşmagy bilen baglylykda, ilatyň töwekgel ýaş toparlaryna sanjym geçirmek başlanyldy.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda sanjymlaryň elýeterliligini we ýokary hilliligini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan köptaraply işler ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny ygtybarly gorap, durnukly immun derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berer.