Habar

2026-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary alyşmak ýola goýuldy.

Deslapky maglumatlary alyşmak, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň döwlet girdejiler Komitetiniň arasyndaky ylalaşyga we bu ylalaşygyň Tehniki şertlerine laýyklykda, maglumat ulgamlarynyň üsti bilen amala aşyrylýar.

Maglumaty alyşmagyň esasy artykmaçlygy: harytlar we ulag serişdeleri ýurdumyzyň gümrük çägine gelmezden öň deslapky maglumatlaryň berilmegi, şeýle hem seljerme işleriniň geçirilmegi esasynda zerur gümrük amallaryna taýýarlyk görmäge mümkinçilik berýär.

Deslapdan maglumatlary alyşmak, daşaýjylar we daşary ykdysady işine gatnaşyjylar üçin aýratyn amaly mümkinçilikler döredýär. Ýagny, gümrük amallaryny tamamlamak üçin zerur bolan wagty azaldýar, harytlaryň gümrük serhedinden geçirilmegini çaltlaşdyrýar, kagyz işleriniň möçberini azaldýar we halkara ýük daşamalarynyň öňünden çaklanylmagyny ýokarlandyrýar.

Mundan başga-da özara elektron maglumat alyşmak, iki ýurduň arasyndaky özara söwda statistikasynyň hilini we ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrýar.

Şeýle mümkinçilikleriň döredilmegi, gümrük edarasynyň dolandyrylyşyny sanlylaşdyrmakda we daşary ykdysady işi has-da ýeňilleşdirmekde möhüm ädimdir. Onuň ösdürilmegi eksport, import we üstaşyr ýük daşamalarynyň çaltlaşdyrylmagyna, iş wagtyny azaltmaga we Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky söwda we ulag gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.