2026-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Bu giň gerimli forumyň esasy gatnaşyjylarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy özüniň zamanabap we tehnologik diwarlygyny hödürledi. Gullugyň edara berkitmeleriniň nyşanlary bilen döwrebap derejede enjamlaşdyrylan sergi diwarlygy gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de söwda amallaryny sanlylaşdyrmak babatda gazanylan esasy üstünlikleri aýdyň şöhlelendirýär.
Serginiň merkezinde öňdebaryjy sanly çözgütleriň tanyşdyrylyşyna uly orun berlip, olaryň arasynda «Bir penjire» elektron ulgamy hem-de üstaşyr ýük daşamalaryna gözegçilik edýän elektron GPS-gözegçilik ulgamy sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Diwarlygyň interaktiw panelleri bu tehnologiýalaryň serhetde gümrük amallaryny çaltlandyrmaga, gözegçiligiň aýdyňlygyny üpjün etmäge we harytlaryň hereketine hakyky wagt tertibinde gözegçilik etmäge döredýän mümkinçiliklerini aýdyň şöhlelendirýär. Mundan başga-da, halkara guramalar bilen bilelikde durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar bilen tanyşdyryldy.
Sanly hyzmatlaryň tanyşdyrylyşy bilen bir hatarda, sergi diwarlygynda ýöriteleşdirilen maslahat beriş zolagy hem guraldy. Bu ýerde sergä gatnaşyjylar we myhmanlar harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilişi hem-de gümrük kadalary we düzgünleri barada öz gyzyklandyrýan soraglaryna doly jogaplary alyp bilerler.
Döwlet gümrük gullugynyň sergi diwarlygy Gullugyň ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmäge we halkara söwdany ýeňilleşdirmäge goşýan goşandyny şöhlelendirýändigini bellmek isleýäris.