Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň resmi saýtynda neşir edilen Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýewiň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň umumy debatlaryndaky çykyşynda ýurdumyzyň ulag infrastrukturasyny ösdürmäge we halkara söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge gönükdirilen strategik başlangyçlary beýan edilýär. Hususan-da, BMG-niň howandarlygynda Günorta we Merkezi Aziýany Hazar deňzi arkaly Ýewropa bilen birleşdirýän sebitara ulag geçelgesini döretmek, oňa institusional taýdan goldaw bermek üçin bolsa Türkmenistanyň çäginde Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça Halkara merkezini döretmek başlangyjy öňe sürüldi.
Çykyşda bellenilişi ýaly, bu Merkez gümrük kadalaryny bir ülňä getirmek, öňdebaryjy tejribeler bilen paýlaşmak, üstaşyr amallary sanlylaşdyrmak hem-de ösüp gelýän ýurtlaryň dünýä bazarlaryna çykmagyny giňeltmek üçin amaly meýdança bolmalydyr.
Bu başlangyçlar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ygtyýarlyklaryna we ýerine ýetirýän wezipelerine gös-göni degişlidir. Geljegi uly bolan geçelgäni ösdürmek kämil gümrük ulgamyny, harytlary we ulag serişdeleri gümrük taýdan resmileşdirmegiň çaltlandyrylan mehanizmleriniň işe ornaşdyrylmagyny hem-de gury ýer we deňiz serhetleriniň çatrygynda sanly tehnologiýalary ulanmagy talap edýär.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy häzirkizaman maddy-enjamlaýyn binýada, sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylan gözegçilik-seljeriş toplumlaryna eýe bolmak bilen, bu başlangyçlary amala aşyrmaga hem-de geljekki Halkara merkeziniň bökdençsiz işini üpjün etmäge doly taýýardyr.