2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi. Iş duşuşygy «Farap awtoýollary – Alat» gözegçilik-geçiriş ýerinden awtoulaglaryň geçiş ýagdaýlary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen guraldy.
Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň we Döwlet serhet gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Özbek tarapyna bolsa Özbegistan Respublikasynyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň, Ulag ministrliginiň hem-de Döwlet howpsuzlyk gullugynyň Serhet goşunlarynyň wekilleri wekilçilik etdiler.
Duşuşygyň dowamynda halkara awtomobil ýük daşamalaryny guramak bilen bagly meselelere, şol sanda ýük awtoulaglarynyň tirkeglerini we ýarym tirkeglerini çalyşmagyň tertibine, halkara awtomobil gatnawlaryny amala aşyrmak üçin rugsatnamalaryň ulanylmagyna, sürüjileriň wiza üpjünçiligine, şeýle hem degişli ýygymlaryň alynmagy bilen bagly meselelere seredildi. Mundan başga-da, durky täzelenen «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanylmagyna aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça ara alnyp maslahatlaşylan meseleler babatda oňyn çözgütler kabul edildi we özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşyldy.