Düýn paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk däp bolan dostlukly türkmen-hindi gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky netijeli ädime öwrüler. Bu gatnaşyklar häzirki döwürde taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanyp, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji saparyny amala aşyrýandygyny bellemeli.
Irden belent mertebeli myhman “Ýyldyz” myhmanhanasynda özi üçin niýetlenen kabulhanadan motosikletçileriň hormat nyzamynyň, soňra bolsa atly hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna tarap ugrady.
“Oguz han” köşkler toplumynyň merkezi girelgesiniň ýanynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hindi kärdeşini mähirli garşylady. Döwlet Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, köşgüň içine girýärler. Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanyň we Hindistanyň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Ram Nath Kowindi “Rowaç” otagyna geçmäge çagyrýar. Şol ýerde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany tüýs ýürekden mübärekläp, onuň ýurdumyza bu saparyna däp bolan dostlukly türkmen-hindi gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm tapgyr hökmünde garalýandygyny belledi hem-de Aşgabatda geçiriljek duşuşyklaryň we gepleşikleriň halklarymyzyň arasyndaky dostlugy berkitmäge, köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl şanly sene — Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. 1992-nji ýylyň 20-nji aprelinde türkmen-hindi gatnaşyklarynyň müňlerçe ýyllyk taryhynda täze döwür başlandy. Şoňa görä-de, bu şanly sene ýurtlarymyzyň durmuşynda ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak, ony häzirki zaman dünýä ösüşiniň ruhuna laýyklykda, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin oňat mümkinçilik bolup durýar.
2022-nji ýyl Hindistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 75 ýyllygyny baýram edýändigi bilen hem möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidentini we dostlukly döwletiň halkyny bu waka bilen gutlap, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Prezident Ram Nath Kowind mähirli garşylandygy hem-de myhmansöýerligi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýurdumyza döwlet sapary bilen gelip görmäge dörän mümkinçilige tüýs ýürekden şatdygyny nygtady. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýakynda geçen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, munuň türkmen halkynyň döwlet Baştutanymyza bildirýän ägirt uly ynamynyň aýdyň nyşanydygyny belledi.
Prezident Ram Nath Kowind hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň geçen ýyl bellenilen 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de Hindistan Respublikasynyň Garaşsyzlygyny gazananyna şu ýyl 75 ýyl dolýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol özüniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk senesine gabat gelendigini uly buýsanç bilen nygtady.
Hindistan Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýär. “Merkezi Aziýa — Hindistan” sammiti geçirilip, onda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň derwaýys wezipeleri kesgitlendi. Şu görnüşdäki sammit ýene-de geçiriler diýip, Prezident Ram Nath Kowind sözüni dowam etdi.
Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýokary ösüş gazanandygyny belläp, iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda Hindistan sanly ulgam, täze tehnologiýalar boýunça tejribe alyşmaga taýýardyr.
Belent mertebeli myhman sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimize duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Hindistanyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, şu gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň köpýyllyk hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Işjeň, netijeli ýagdaýda geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-hindi gatnaşyklarynyň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şolarda söwda-ykdysady ulgam möhüm orun eýeleýär. Bu babatda energetika, senagat we ulag, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda, oba hojalygynda, söwdada hem-de beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Şol bir wagtda-da biziň ýurtlarymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar we Demirgazyk — Günorta ulag geçelgeleri ýaly iri halkara taslamalara gatnaşyjylar bolup durýarlar.
Bar bolan mümkinçiliklerden hem-de kuwwatdan netijeli peýdalanmakda bilelikdäki tagallalaryň birleşdirilmeginiň ýakyn wagtda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, özara haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga, onuň düzümini we mazmunyny diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirildi.
Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem türkmen-hindi gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridir. Iki halkyň umumy taryhy, baý we özboluşly medeniýeti, köp derejede birmeňzeş däp-dessurlary ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin pugta esas bolup hyzmat edýär.
Taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça hem pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki döwletiň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Ram Nath Kowindi ýene bir gezek mähirli mübärekläp hem-de belent mertebeli myhmana ýurdumyza gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Hindistanyň Baştutany bilen ilkinji duşuşygydygyny, munuň bolsa gepleşiklere aýratyn many-mazmun berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu gepleşikleriň netijeleriniň iki dostlukly halkyň hem-de döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge hyzmat etjekdigine, ähli ugurlardaky özara gatnaşyklara kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Türkmen-hindi gatnaşyklary taryhy köklerini gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Iki halky medeni gatnaşyklar, binýatlyk ruhy gymmatlyklaryň ýakynlygy birleşdirýär. Baýram han, Abdyrahym han-hanan ýaly meşhur döwlet işgärleriniň atlary, Türkmenistandaky beýik hindi medeniýetiniň mirasy — bularyň ählisi köpasyrlyk gatnaşyklaryň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyldy. Häzirki döwürde bu ajaýyp miras täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Şu ýyl Türkmenistan we Hindistan üçin şanly senäniň bellenilýän ýylydyr. 30 ýyl mundan ozal iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy, halklarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk gatnaşyklary ösdürmekde täze tapgyr başlandy.
Hindistan Respublikasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriň biri boldy. Şondan birnäçe ýyl soňra bolsa Goşulyşmazlyk Hereketinde, Birleşen Milletler Guramasynda ýurdumyzyň Bitaraplygyny işjeň goldady. Türkmenistan Hindistanyň, onuň ýolbaşçylarynyň hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygyny we taýýardygyny, ýurdumyzyň saýlap alan içerki ösüş nusgasyna hem-de daşary syýasy ugruna hormat goýýandygyny hemişe duýýar we muňa ýokary baha berýär, goldawy üçin hindi tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýär.
Türkmenistan, öz gezeginde, Hindistany ählumumy işlerde tapawutlandyrýan netijeli we oýlanyşykly syýasatyna, onuň Aziýada hem-de dünýäde tutýan uly ornuna hormat bilen garaýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sebit derejesindäki türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň netijelidigini, onuň halkara düzümleriň çäklerinde, ilkinji nobatda, BMG-de möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Biz Türkmenistanyň öňe süren, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda makullanan halkara başlangyçlaryna goldaw berýändigi, hususan-da, energetika hem-de ulag ulgamlarynda kabul edilen Kararnamalaryň awtordaşy bolup çykyş edendigi, Bitaraplygy ösdürmek babatdaky tekliplerimizi we hereketlerimizi goldandygy üçin hindi tarapyna minnetdarlyk bildirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Biz häzirki ýeňil bolmadyk dünýä ýagdaýlarynda Goşulyşmazlyk Hereketiniň orny has-da artýar diýip hasap edýäris. Şoňa görä-de, bu hereketiň esasynda durýan parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk, adalatlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini öňe sürmekde hem-de ykrar etmekde hemmetaraplaýyn ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň geljek onýyllyklarda alyp barjak daşary syýasatynyň bäş strategik ugruny gysgaça beýan etdi.
Birinji ugur — parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek. Biziň maksadymyz ýakyn geljekde Merkezi Aziýada we oňa ýanaşyk zolaklarda howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň sazlaşykly, bölünmeýän we gyşarnyksyz ulgamyny döretmek bolup durýar.
Ikinji ugur Bitaraplygy dünýä giňişliginde ösdürmekdir we öňe sürmekdir.
Üçünji ugur daşary-ykdysady gatnaşyklary gyşarnyksyz artdyrmakdyr we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekdir.
Dördünji ugur durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn goldaw bermekdir.
Bäşinji ugur halkara gatnaşyklara ynsanperwer häsiýet bermäge, oňa päk ahlaklylygyň, ak ýürekliligiň we adalatlylygyň ýokary ölçeglerini girizmäge ýardam bermekdir.
Geçen ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjy ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki işleriniň esasy bolup durýar. Onuň häzirki döwürde bütin dünýäde ählumumy ähmiýete eýe bolýandygy aýdyň ýüze çykýar.
Owganystandaky ýagdaý barada aýdylanda, bu babatda Türkmenistan özüniň garaýşyny goňşy döwlete kömek we goldaw bermegiň syýasy-ykdysady hem-de ynsanperwer ugurlarynda bir maksada esaslanyp emele getirýär.
Ykdysady taýdan aýdylanda, Owganystanyň sebit we halkara üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryna işjeň çekilmegi, häzirki zaman dünýä hojalyk işlerine goşulyşmagy zerur bolup durýar.
Ynsanperwer ugurda Türkmenistan owgan halkyna bir maksada gönükdirilen halkara ýardamy bermegiň, durmuş ulgamyny dikeltmekde we ösdürmekde goldaw bermegiň zerurdygyndan ugur alyp çykyş edýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Hindistanyň Owganystan babatdaky tagallalaryna, şol sanda 2021-nji ýylyň 10-11-nji noýabrynda üstünlikli geçirilen Owganystan babatda sebitleýin howpsuzlyk boýunça dialoga we onuň jemleri boýunça kabul edilen Deli Jarnamasyna ýokary baha berýär. Bu resminama owgan gün tertibi boýunça umumysebit ylalaşygyny gazanmagyň ýolunda oňat esas bolup durýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz ulag we energetika ulgamlaryna Türkmenistanyň türkmen-hindi ykdysady hyzmatdaşlygynyň strategik ugurlary hökmünde garaýandygyny belledi.
Ulag ulgamy babatdaky gürrüň, ilkinji nobatda, Hindi ummanyndaky deňiz terminallaryna çykýan Ýewraziýa geçelgelerini döretmek barada barýar. Türkmenistan çäkleri boýunça Pars aýlagyna, Eýranyň portlaryna, şol ýerden bolsa Hindistana barylýan ýeke-täk örän gysga ýoly üpjün edýän ýurt hökmünde bu ugra uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Çabahar we Türkmenbaşy Halkara deňiz portlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda göni gepleşikleri guramak teklip edilýär.
Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyna hem örän möhüm ähmiýet berilýär.
Türkmen tarapy Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygyny we ony bellenen möhletlerde tamamlamak üçin bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ynanýar. Ýurdumyz bu ýerde Hindistanyň düýpli hem-de täsirli garaýşyna, taslama gatnaşyjylaryň ählisiniň işini utgaşdyrmaga, netijeliligini ýokarlandyrmaga uly goşandyny goşmaga taýýardygyna bil baglaýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, şeýle hem iki ýurduň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasynda, şol sanda maliýe, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, maglumat, sanly we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi.
Türkmenistan bilim ulgamynda-da hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Şol sanda Hindistanyň Tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hindi maksatnamasy babatdaky hyzmatdaşlyga hem-de adam mümkinçiliklerini artdyrmakda we ösdürmekde Medeni aragatnaşyklar boýunça hindi geňeşiniň teklip edýän talyp hakly maksatnamalaryna-da uly ähmiýet berýär.
Hindistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky üstünliklerini ykrar edip, bu ugurda hem hyzmatdaşlyk etmegiň aýdyň mümkinçiliklerini görýäris. Munuň özi koronawirus pandemiýasynyň bütin dünýä ýaramaz täsirini ýetiren häzirki şertlerinde örän möhüm ähmiýete eýedir diýip pikir edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Sebitara hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 27-nji ýanwarynda wideomaslahat görnüşinde geçirilen birinji «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitiniň hem-de onuň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ägirt uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtady.
Türkmenistan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga ikitaraplaýyn, hususan-da, bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Şoňa görä-de, iki ýurtda hem Medeniýet günlerini yzygiderli esasda geçirmek, bilelikdäki maslahatlaryň guralmagyny dowam etdirmek, iki ýurduň esasy okuw-ylmy merkezleriniň arasynda göni gatnaşyklar üçin şertleri döretmek maksadalaýyk hasaplanýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Hindistana hakyky dost we ygtybarly hyzmatdaş, doganlyk ýurt, häzirki zaman sebit hem-de dünýä gün tertibiniň köp sanly möhüm meselelerini çözmekde pikirdeş döwlet hökmünde garaýar.
Döwlet Baştutanymyz hindi kärdeşine we onuň ýanyndaky wekiliýetiň ähli agzalaryna netijeli işleşmäge, ähli meseleler boýunça hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigi hem-de taýýardygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Hindistanyň halkyna mähirli salamyny we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra Hindistan Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär.
Belent mertebeli myhman özüne Türkmenistanyň paýtagty ak mermerli Aşgabatda bolmak bagtynyň miýesser edendigine şatdygyny nygtady we bu ýerde mähirli kabul edilendikleri, görkezilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Jenap Ram Nath Kowind hormatly Prezidentimizi iň ýokary döwlet wezipesine ählihalk tarapyndan saýlanmagy bilen gutlady we oňa alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Onuň Alyhezreti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda okgunly ykdysady ösüş gazanandygyny nygtady we hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Türkmenistanyň belent sepgitleri eýelejekdigine berk ynanýandygyny aýtdy.
Belent mertebeli myhman çykyşynyň dowamynda «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitiniň möhüm guralynyň döredilmeginiň sebit ähmiýetli derwaýys wakadygyny nygtady. Sanly ulgam arkaly geçirilen ilkinji sammitde düýpli meselelere garaldy. Kabul edilen çözgüde laýyklykda, sammit her iki ýyldan bir gezek geçiriler. Şeýle-de onuň çäginde ministrler derejesindäki we beýleki resmi duşuşyklar göz öňünde tutulýar.
Prezident Ram Nath Kowind Türkmenistanyň parlamentiniň iki palataly ulgama geçmegi bilen, parlamentara gatnaşyklaryň has-da ýygjamlaşýandygyny belläp, Hindistanyň bu ugurda türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga taýýardygyny nygtady.
Belent mertebeli myhman häzirki wagtda COVID-19 ýokanjy zerarly adamzadyň ýüzbe-ýüz bolýan möhüm meselelerini çözmek üçin netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu ugurda özara gatnaşyklaryň ýola goýulmagy sebitde durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Şeýle hem Hindistanyň Prezidenti iki ýurduň arasynda söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny nygtady. Şunda ýygjam hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň täzeçil gurallaryny döretmek, şol sanda pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmek zerur hasaplanýar.
Şol bir wagtyň özünde derman senagatyna degişli önümleri alyşmagyň we türkmen telekeçileriniň öz önümlerini Hindistana eksport etmeginiň mümkinçiliklerini öwrenmegiň wajypdygy bellenildi.
Prezident Ram Nath Kowind energiýa serişdelerine baý ýurt bolan Türkmenistanyň nebitgaz ýataklaryny yzygiderli özleşdirýändigini we nebithimiýa pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürýändigini aýdyp, Hindistanyň dünýäde nebit hem-de himiýa serişdelerini gaýtadan işleýän dördünji döwlet bolup durýandygyny, hindi kompaniýalarynyň nebit ulgamynda önüm almakdaky tehniki hem-de tehnologik mümkinçilikleri babatda türkmen hyzmatdaşlary bilen tejribe alyşmaga taýýardygyny nygtady.
Hindistanyň Prezidenti ulag ulgamynda, üstaşyr geçelgeleri döretmekde ýola goýulýan gatnaşyklaryň geljegi barada aýdyp, Hindistan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde deňiz portlarynyň aýratyn ähmiýetlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, portlaryň netijeli herekete girizilmeginiň Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag geçelgesiniň özboluşly dowamy boljakdygy bellenildi.
Prezident Ram Nath Kowind hindi-türkmen medeni gatnaşyklarynyň gözbaşynyň asyrlara uzap gidýändigini belläp, ikitaraplaýyn medeni alyş-çalşy güýçlendirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.
Hindistan Respublikasynyň Prezidenti iki ýurduň sebit we ählumumy geosyýasy hem-de ykdysady meseleler boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini belläp, bu ugurdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirdi.
Häzirki döwürde emele gelen ýagdaý we howanyň üýtgemegi, şeýle-de durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly meseleleri çözmekde tagallalary utgaşdyrmak hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Jenap Ram Nath Kowind Owganystan meselesi barada aýdyp, oňa sebit nukdaýnazaryndan garamak üçin Hindistanyň geçen ýylyň noýabr aýynda Nýu-Delide “Owganystan boýunça sebitleýin howpsuzlyk dialogyny” geçirendigini belläp, bu ugurda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şeýle hem Hindistanyň Prezidenti TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belledi. Onuň tutuş sebit üçin ägirt uly ähmiýete eýedigini nazara alanyňda, taslama gatnaşyjy döwletleriň degişli meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamak we bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegi möhümdir.
Prezident Ram Nath Kowind hormatly Prezidentimizi özi üçin islendik amatly wagtda Hindistan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelip görmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň wagty diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Soňra belent mertebeli myhman bildirilen myhmansöýerlik we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda berýän goldawy üçin hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýene bir ýola sagbolsun aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, üstünlik, dostlukly türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýär. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, predikat jenaýatlary we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Hindistan Respublikasynyň Maliýe aňtawçylygy edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama alşylýar. Ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň Ýaşlar işleri we sport ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet we sungat babatda 2022 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekilýär.
Şeýle hem Bilelikdäki türkmen-hindi Beýannamasy kabul edildi.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini beýan edip, ilki bilen, Hindistanyň Prezidentine, hindi wekiliýetiniň ähli agzalaryna ikitaraplaýyn gatnaşyklara mahsus bolan açyklyk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Gepleşikleriň dowamynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň iki tarapyň bähbidine-de laýyk gelýändigi nygtalyp, onuň halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine gönükdirilendigi bellenildi. Şunuň bilen birlikde, häzirki döwürde köpasyrlyk taryhy bolan türkmen-hindi gatnaşyklarynyň pugta deňhukuklylyk, özara düşünişmek we ynanyşmak esasynda ýola goýulýandygy aýratyn nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, geçirilen gepleşikleriň halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça özara düşünişmegiň gazanylandygyny, ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň meňzeşdigini görkezendigini belledi. Biziň ýurtlarymyzyň Merkezi Aziýada we tutuş Aziýa yklymynda parahatçylygy hem-de durnuklylygy berkitmäge, ynanyşmagy, özara düşünişmegi ýola goýmaga çalyşýandyklary tassyklanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, ykrar edilen halkara hukuk kadalary we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda, sebitde hem-de bütin dünýäde howpsuzlygy berkitmäge, dawaly ýagdaýlara ýol bermezlige uly ähmiýet berildi. Döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary depginli ösdürmek üçin berk syýasy we hukuk şertlerini döretmäge aýratyn üns çekildi.
Türkmenistan bilen Hindistan ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almaga, ählumumy syýasatda ösýän ýurtlaryň ornuny berkitmäge esaslanan halkara gatnaşyklaryň adalatly we sazlaşykly ulgamyny döretmegiň tarapdary bolup durýar. Şu gün geçirilen gepleşikler bu maksatlara iki tarapyň hem eýerýändigini tassyklady. Döwletara gatnaşyklarda deňhukuklylyk, adalatlylyk ýörelgeleriniň berkarar bolmagyny, özygtyýarlylyga we halklaryň özbaşdak ösüş ýoluna hukuklaryny goldaýandygyny görkezdi.
Türkmenistan we Hindistan ähli gapma-garşylyklary, dawaly ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy ýollar arkaly çözmegiň berk tarapdary bolup çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň dünýä giňişligindäki özara hyzmatdaşlygynyň derejesine we häsiýetine ýokary baha berildi.
Halkara guramalarda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda birek-birege goldaw bermek tejribesini dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Şeýle hem Türkmenistan we Hindistan Goşulyşmazlyk Hereketinde hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürer. Onuň maksatlary we ýörelgeleri häzirki döwürde dünýäniň birnäçe sebitindäki çylşyrymly ýagdaýlar hem-de hereketler bilen baglylykda, aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Şeýle-de taraplar halkara howpsuzlygyň täze howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmak, şol sanda terrorçylyga, ekstremizme, transmilli jenaýatçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek babatda tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegi ylalaşdylar.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, gepleşikleriň dowamynda Owganystandaky ýagdaýa uly üns berildi. Türkmen we hindi halklary Owganystany parahat hem-de gülläp ösýän, hoşniýetli goňşy we sebitiň ähli ýurtlarynyň hyzmatdaşy hökmünde görmek isleýärler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy owgan ugry boýunça Hindistanyň tagallalaryna, şol sanda 2021-nji ýylyň 10-11-nji noýabrynda geçirilen Owganystan babatda sebitleýin howpsuzlyk boýunça dialoga we onuň jemleri boýunça kabul edilen Deli Jarnamasyna ýokary baha berdi.
Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylanda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi. Bu taslamanyň oňa gatnaşyjylaryň ählisi üçin ykdysady taýdan maksada laýykdygyndan başga-da, sebitde durnuklylygy, özara düşünişmegi we ynanyşmagy berkitmek işine uly goşant goşmaga, ýurtlaryň arasynda ykdysady hem-de syýasy taýdan ýakynlaşmaga ýardam bermäge niýetlenendigi tassyklanyldy. Türkmenistanyň adyndan hindi tarapyna bu taslama üýtgewsiz goldaw berýändigi, ony amala aşyrmagyň ähli tapgyrlarynda oňyn ýörelgäni eýeleýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirildi.
Ulag ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup durýar. Şoňa görä-de, taraplar Türkmenistanyň çäkleriniň üsti bilen, şol sanda ýurdumyzyň Hazar deňzindäki üpjünçilik ulgamlaryny ulanmak arkaly hindi deňiz terminallaryna barýan durnukly Ýewraziýa geçelgelerini emele getirmekde özara ýardam bermek barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çabahar we Türkmenbaşy Halkara deňiz portlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda göni gepleşikleri guramagy teklip etdi.
Gepleşikleriň dowamynda şu ýylyň 27-nji ýanwarynda wideomaslahat görnüşinde geçirilen birinji «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitiniň we onuň jemleri boýunça giň möçberli, uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda tapgyrlaýyn waka hökmünde gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýeti hem-de möhümdigi bellenildi.
Gepleşiklerde medeni-ynsanperwer ulgama-da aýratyn ähmiýet berildi. Biziň halklarymyzy köpasyrlyk taryhy gatnaşyklar, birek-birege çuňňur hormat goýmagyň däpleri, binýatlyk ruhy gymmatlyklaryň we ýörelgeleriň ýakynlygy birleşdirýär. Bu beýik hem-de ajaýyp miras häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ynsanperwer ulgamda özara alyşmalar işjeň ösdürilýär diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen nygtady.
Taraplar medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklary, şol sanda halklarymyzy Türkmenistanyň we Hindistanyň örän baý taryhy-medeni mirasy, häzirki döwürdäki üstünlikleri bilen tanyşdyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri guramak arkaly berkitmegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Bilim we ylym ulgamlarynda, hususan-da, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Ylymlar akademiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda-da ylalaşyk gazanyldy.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köpasyrlyk taryhynda täze tapgyryň başyny başlan diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şu ýyl bellenilýän 30 ýyllyk şanly senesiniň möhümdigi aýratyn nygtaldy. Mälim bolşy ýaly, Hindistan Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden dünýä ýurtlarynyň ilkinjileriniň biri boldy. Hindistan biziň Bitaraplygymyzy ilkibaşda Goşulyşmazlyk Hereketinde, soňra bolsa Birleşen Milletler Guramasynda işjeň goldady.
Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu goldaw üçin minnetdarlyk bildirip, 2015-nji ýylda Aşgabatda ýadygärligi açylan, hindi milletiniň ruhy lideri Mahatma Gandiniň zorluk ulanmazlyk hem-de parahatçylykly ýaşaşmak baradaky filosofiýasynyň türkmen Bitaraplygynyň ideýa we ruhy-ahlak kökleriniň biri bolandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana saparynyň jemlerine ýokary baha berip, onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, söwda-ykdysady, medeni, ylmy, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Ram Nath Kowinde, hindi wekiliýetiniň ähli agzalaryna netijeli işleşilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Hindistanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, munuň Hindistanyň Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyrýan ilkinji, şeýle hem Türkmenistanyň täze we ýaş Lideriniň kabul edýän ilkinji saparydygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli garşylanandygy we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi. Munuň özi iki beýik halkyň arasyndaky dostlugyň netijeliligini görkezýär.
Hindistanyň Prezidenti iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny şanly waka hökmünde görkezdi we soňky döwürde, hususan-da, soňky on ýyldaky köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini kanagatlanma bilen belledi.
Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşykda hindi-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar dürli sebit we halkara ähmiýetli meseleler boýunça pikir alyşdylar, köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin tagallalary birleşdirmegi ylalaşdylar.
Hindistan Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şerti bolan ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdyp, taraplaryň özara söwda dolanyşygyny artdyrmak boýunça has köp işleri geçirmek babatda ylalaşandyklaryny nygtady.
Gepleşikleriň dowamynda Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň hem-de halkara ulag we üstaşyr geçelgeler baradaky Aşgabat Ylalaşygynyň ähmiýeti bellenildi. Belent mertebeli myhman ýokary derejede geçirilen duşuşykda energetika babatda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendigini nygtap, TOPH gaz geçirijisiniň howpsuzlygy we esasy iş ýörelgeleri bilen baglanyşykly meseleleriň tehniki hem-de bilermenler derejesinde ara alnyp maslahatlaşylyp bilinjekdigini nygtady.
Şeýle hem şu gün iki ýurduň Hökümetiniň arasynda Tebigy betbagtçylyklary dolandyrmak babatynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek arkaly, hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, Prezident Ram Nath Kowind Hindistanyň Türkmenistan bilen sanly ulgam babatda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtady. Kosmos ulgamyndaky gatnaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar.
Gepleşikleriň dowamynda bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygy bellenildi. Bu barada aýtmak bilen, Hindistan Respublikasynyň Prezidenti 2022 — 2025-nji ýyllar üçin medeniýet we sungat boýunça hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň medeni hyzmatdaşlyga ýol görkezjekdigine ynanýandygyny nygtady.
Şeýle hem gepleşiklerde COVID-19 pandemiýasyna garşy netijeli göreşmek üçin iki ýurduň hem ýakyndan hyzmatdaşlygynyň zerurdygy bellenildi.
Belent mertebeli myhmanyň aýdyşy ýaly, Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitiniň çäginde Hindistan üçin möhüm hyzmatdaşdyr. Birinji sammit Hindistanda şu ýylyň ýanwar aýynda wideomaslahat görnüşinde geçirildi we onuň çäklerindäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.
Prezident Ram Nath Kowind Hindistan we Merkezi Aziýa medeni hyzmatdaşlygynyň çäginde Türkmenistanyň ýaşlardan ybarat wekiliýetini Hindistana ibermegini goldaýandygyny nygtady. Şu gün gol çekilen Ýaşlar babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek babatdaky Ähtnama ýaşlarymyzyň arasyndaky alyşmalary has-da güýçlendirer.
Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda halkara ähmiýetli meseleler boýunça Birleşen Milletler Guramasyny goşmak bilen, sebitleýin we köptaraplaýyn derejede hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň wajypdygy nygtaldy.
Belent mertebeli myhman BMG-niň özgertmeler girizilen we giňeldilen Howpsuzlyk Geňeşine Hindistanyň hemişelik agzalygyny, şeýle-de 2021-2022-nji ýyllarda Hindistanyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzasy hökmündäki başlangyçlaryny goldandygy üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi.
Prezident Ram Nath Kowind Owganystan bilen baglanyşykly meseleler barada aýdyp, Hindistanyň Owganystandaky ýagdaýyň kadalaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler toplumyny öz içine alýan giň sebitleýin ylalaşygy, howpsuzlygy üpjün etmek, owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek we beýleki ugurlar boýunça başlangyçlary goldaýandygyny nygtady.
Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özi üçin islendik amatly wagtda Hindistana gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belledi.
Hindistan Respublikasynyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenmesini jemläp, Aşgabadyň owadan we haýran galdyryjy ak mermerli paýtagt hökmünde özünde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny nygtady.
Günüň ikinji ýarymynda dostlukly döwletiň Baştutany Gypjaga baryp, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady we kümmede gül dessesini goýdy.
Soňra belent mertebeli myhman Aşgabadyň günorta bölegindäki Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Ýola goýlan asylly däbe görä, Hormatly myhmanlaryň seýilbagynda Prezident Ram Nath Kowind mizemez türkmen-hindi dostlugynyň nyşany hökmünde nahal oturtdy.
Şeýle hem şol gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hindi maksatnamasynyň (ITEC) hem-de Medeni aragatnaşyklar boýunça hindi geňeşiniň (ICCR) çäklerinde bilim alan we hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşan, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde hindi dilini öwrenen türkmen raýatlary bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda uzak möhletleýin esasda, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak arkaly, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi iki ýurduň maksat edinýändigi tassyklanyldy.
Agşam Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi, şonda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler. Dabaraly kabul edişlik ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy.
Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza döwlet sapary dowam edýär.