Habar

2022-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda, ýurdumyzyň çäginden geçýän iri halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň ugrunda ýerleşýän Türkmenbaşy halkara deňiz portunda gümrük amallaryny we hyzmatlary kämilleşdirmek boýunça pudagara iş duşuşygy geçirildi. Oňa Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri, Türkmenbaşy halkara deňiz portunda gümrük amallaryna gatnaşýan gümrük dellallarynyň hem-de ýük we gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak işlerine gatnaşýan «Sanly Çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň we «Asman oky» hususy kärhanasynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Iş duşuşygynyň barşynda «Sanly Çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň hyzmatlaryndan peýdalanýan müşderileriň arzalaryny Internet tory arkaly uzak aralykdan bermekleri üçin işlenip taýýarlanylan täze programma üpjünçiliginiň işi bilen maslahata gatnaşanlary tanyş etdiler.

Duşuşykda gümrük edaralarynda ornaşdyrylan sanly ulgamyň mümkinçilikleri we ony Türkmenbaşy halkara deňiz portunda ýük işleri üçin işlenip taýýarlanylan täze programma üpjünçiligi bilen utgaşdyrmagyň ýollary barada pikir alyşyldy.

Şeýle hem, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüne çekijiligini we sebitdäki ähmiýetini ýokarlandyrmakda wajyp logistik toplum bolan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üstünden haryt dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna ýardam berýän şertleri giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurda teklipler jemlenildi.