Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gahryman Arkadagymyz bilen bilelikde aýlaryň iň ýagşysy hasaplanýan mübärek Remezan aýynda paýtagtymyzdaky hajy Arkadagymyzyň tagallasy esasynda gurlan Hezreti Omar metjidinde atasy Mälikguly aganyň belli güni mynasybetli sadaka berdi.
Mukaddes Remezan aýynyň ýakymly pursatlarynda Arkadagly Serdarymyz hajy Arkadagymyz bilen bilelikde Hezreti Omar metjidine geldi. Bu ýerde ýurdumyzyň müftüsi hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly aganyň jaýynyň jennet, ruhunyň şat bolmagyny dileg edip, aýat okady.
Soňra metjitde Arkadagly Serdarymyz we hajy Arkadagymyz Türkmenistanyň müftüsi bilen gürrüňdeş bolup, ýurdumyzyň hormatly ýaşulularynyň asyrlar aşyp gelýän nusgalyk ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ruhuna kybap derejede dowam etmelidigini, olaryň ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek meselelerine zerur üns bermelidiklerini belledi. Müfti bu ugurda öňde durýan wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetiriljekdigine ynandyrdy.
Soňra Arkadagly Serdarymyz we hajy Arkadagymyz metjidiň sadaka bermek üçin niýetlenen binasyna geldiler. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz sadaka gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, döwletimizde raýatlarymyzyň milli däplerimizi berjaý etmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini, olaryň ýurdumyzdaky mukaddes ýerlere zyýarat edip, metjitlere baryp, dini dessurlarymyzy we adatlarymyzy berjaý edýändiklerini belledi.
Arkadagly Serdarymyz şu gün hem halkymyzyň mukaddes däplerine eýerip, atasy Mälikguly Berdimuhamet oglunyň belli gününiň sadakasyny berýändigini, bu senäniň mukaddes Remezan aýyna gabat gelendigini nygtady we hormatlap gelendikleri üçin sadaka gatnaşýanlaryň ählisine taňryýalkasyn aýtdy.
Türkmenistanyň müftüsi merhumyň ruhuna bagyşlanyp berilýän sadakanyň hormatyna tebärek çykdy.
Soňra agzaçar wagtynyň gelmegi bilen, sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi. Asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara laýyklykda, olara milli tagamlar hödür edildi. Munuň özi dini adatlar bilen bagly asylly ýörelgeleriň häzirki zamanyň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň we onuň nesilleriň arabaglanyşygy arkaly dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Nahardan soň, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okap, berlen sadakanyň, edilen doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.
Aýat-töwir okalandan soň, Arkadagly Serdarymyz sadaka gatnaşanlara ýüzlenip: «Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk bolsun!» diýdi hem-de sadaka gatnaşanlaryň hemmesine ýene-de bir gezek taňryýalkasyn aýtdy.