Habar

Düýn ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän Konstitusiýa binasyna hem-de Baýdak sütünine gül desselerini goýmak dabaralary tamamlanandan soň, Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine geldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýär. Bu ýörelgeler durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Mälim bolşy ýaly, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi 2015-nji ýylda açyldy. Ýedi gatdan ybarat bolan bu merkez 670 orunlyk bolup, onda bölümleriň 28-si bar. Şolaryň hatarynda kabul ediş bölümi, ylmy-kliniki barlaghana, anyklaýyş-maslahat beriş, ýatymlaýyn anyklaýyş, operasiýa, çagalaryň ösüşi we irki anyklaýyş, fiziobejeriş we bejeriş bedenterbiýe, çagalaryň gemotologiýasy, çaga iç keselleri ylmy-kliniki bölümleri bar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow merkeziň bölümlerinde bejergi alýan çagalara degişli lukmançylyk hyzmatlarynyň berlişi, aýratyn-da, dogabitdi ýürek kemisligi bolan hassa çagalary operasiýa taýýarlamak we operasiýadan soňky döwürde geçirilýän dikeldiş çäreleri boýunça alnyp barylýan işler hem-de merkeziň mümkinçilikleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda ýürek operasiýasyna mätäç çagalaryň 220-si bar. Bu çagalary bejermek üçin iň täze we netijeli “AORTIС” serişdeleriniň ulanylýandygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Şeýle hem ministr bejergi alýan çagalar üçin zerur bolan serişdeleriň ýeterlikdigini, operasiýa geçirilýän enjamlaryň häzirki zamanyň iň kämil enjamlarydygyny, olarda çylşyrymly bejergi işlerini amala aşyrmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Bu enjamlaryň kömegi bilen ýüregi açmazdan, az şikesli endowaskulýar operasiýalaryny geçirmek mümkinçiliginiň bardygyny, operasiýadan soňky döwürde çaganyň saglygy dikelip, gysga wagtyň içinde adaty durmuşa gaýdyp gelýändigini aýratyn bellemeli.

Hormatly Arkadagymyz merkeziň çagalaryň ýürek kesellerini bejeriş bölüminde döredilen şertler bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz çagalaryň ýürek keselleriniň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn bejergileriň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigini, şunda lukmanlaryň hünär taýdan yzygiderli kämilleşdirilmelidigini nygtady.

Arkadagymyz bu ýerde bejergi alýan çagalar üçin döwlet derejesinde alada edilýändigini, ýola goýulýan lukmançylyk hyzmatlarynyň has netijeli bolmagy babatda zerur serişdeleriň gönükdirilýändigini aýdyp, ösüp gelýän ýaş nesillerde şeýle keselleriň döremeginiň ene-atalaryň saglyk ýagdaýyna baglydygyny we daşarky ýaramaz täsirleriň netijesidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, aýratyn-da, eneleriň saglygynyň degişli derejede saklanmagy ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Hormatly Arkadagymyz, ilki bilen, eneleriň saglygynyň berkidilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, sagdyn ene bolmasa, sagdyn çaganyň bolmajakdygyny aýtdy. Şunda ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir.

Gahryman Arkadagymyz merkeziň daýanç-hereket ediş kesellerini bejeriş bölümine bardy. Häzirki döwürde ýurdumyzda 100 çaga daýanç-hereket ediş keseli zerarly, degişli lukmançylyk kömegine mätäç. Hormatly Arkadagymyz çagalaryň irki ösüşi, olaryň saglygy bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegi üçin döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigini aýdyp, ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi üçin zerur bolan serişdeleriň gönükdirilýändigini belledi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde operasiýa taýýarlyk boýunça lukmançylyk hyzmatlaryny alýan çagalar we olaryň ene-atalary bilen söhbetdeş boldy.

Çagalar öz begenjini goşgy setirleri bilen beýan etdiler. Olaryň ene-atalary ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdynlygy, olaryň sazlaşykly ösüşi ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli alada edilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Gahryman Arkadagymyz merkeziň ýatymlaýyn bejergi alynýan otaglaryna aýlanyp, operasiýa taýýarlanylýan çagalaryň saglyk ýagdaýy, olara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň aýratynlyklary bilen hem tanyşdy. Hormatly Arkadagymyz bu ýerde bejergi alýan çagalaryň doly sagalýança gözegçilikde saklanjakdygyny we olaryň sagalyp, deň-duşlary bilen durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin zerur goldawlaryň beriljekdigini aýtdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy olara Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan degişli ýardam beriljekdigini belläp, ene-atalara çagalarynyň tiz sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy. Şunda ýurdumyzyň her bir raýatynyň arkasynda dag ýaly bolup döwletimiziň durandygy, halkymyz üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi, adamlaryň her biriniň şol mümkinçiliklerden peýdalanmaga haklydygy hem hukuklydygy aýratyn nygtaldy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz merkeziň çagalar üçin ýöriteleşdirilen bölüminde dürli oýunlar arkaly çaganyň irki ösüşi boýunça lukmançylyk kömeginiň berlişi bilen içgin gyzyklandy. Bu ýerde çagalaryň saglyk ýagdaýyny barlamak we keselleri anyklamak, degişli bejergi çärelerini kesgitlemek üçin ornaşdyrylan enjamlar dünýäde iň täze barlag enjamlary hasaplanylýar.

Çagalaryň ene-atalary bu ýerde lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesiniň ýola goýlandygyny belläp, ýurdumyzda çagalaryň sagdyn ösmegi we jemgyýetimizde ilatyň saglygynyň berkidilmegi ugrunda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bilen çagalaryň irki ösüşi, olaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak boýunça bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Hormatly Arkadagymyz keselleriň öňüni almakda maşgala lukmanlaryna möhüm ornuň degişlidigini belläp, olaryň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmegiň, keselleriň öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini we lukmanlaryň dispanser gözegçiligini ýokarlandyrmagyň möhümdigini nygtady. Şunda hassahanalarda, saglyk öýlerinde tutuş halkymyzyň, ilkinji nobatda, çagalaryň we eneleriň saglyk ýagdaýy yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürdäki koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly meseleler, tomusky dynç alyş möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini nazara alyp, ýurdumyzyň şypahanalarynda, dynç alyş merkezlerinde, aýratyn-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda möwsüme görülýän taýýarlyk bilen gyzyklandy.

Ýörite toparlaryň döredilendigi, ýurdumyzyň şypahanalarynda we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda degişli arassaçylyk we öňüni alyş işleriniň ýerine ýetirilendigi, olaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýardygy nygtaldy.

Hormatly Arkadagymyz saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde kesgitlenen adamyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky ählitaraplaýyn aladanyň aýdyň netijesidigini belledi. Şeýle hem Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan merkezde bejergi alýan çagalar üçin ABŞ-nyň 400 müň dollary möçberdäki pul serişdesiniň goýberiljekdigini aýtdy.

Ministr Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda saglygy goraýyş babatda ýola goýlan türkmen-german hyzmatdaşlygyny dowam etmek maksady bilen, lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça lukmanlaryň 150-sini Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalaryna hünär kämilligini ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak üçin iş saparyna ugradylmagynyň hem-de häzirki döwürde dünýäde epidemiologik ýagdaýlaryň gowulaşýandygy sebäpli, bu döwletiň Tejribeli hünärmenler gullugy bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Hormatly Arkadagymyz bu hyzmatdaşlygy dowam etmegiň iki ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we ilatyň saglygyny goramakda oňyn netije berýändigini göz öňünde tutup, ministriň tekliplerini goldaýandygyny belledi.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynda adamlaryň saglygy, olaryň bagtyýar durmuşy baradaky aladanyň möhüm orun eýeleýändigini nygtady.

N.Amannepesow “Arçman” şypahanasynda 400 orunlyk goşmaça binany gurmak üçin şypahananyň mümkinçilikleriniň ylmy taýdan öwrenilmegi babatda berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle-de Daşoguzda köpugurly hem-de onkologiýa hassahanalarynyň açylyp ulanmaga berilmegine taýýardygy barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň şypahanalarynyň, dynç alyş merkezleriniň, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň möwsüme taýýarlygy, Daşoguzda 450 orunlyk köpugurly we 150 orunlyk onkologiýa hassahanalarynyň açylmaga doly taýýardygy bilen bagly maglumatlary, şeýle hem halkara lukmançylyk hyzmatdaşlygy boýunça teklipleri Arkadagly Serdarymyza ýetirjekdigini aýtdy.