Habar

2022-nji ýylyň 23-nji–25-nji iýuny aralygynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde ýerleşýän Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Baş binasynda, bu Guramanyň iň ýokary çözgüt kabul ediji düzümi bolan Gümrük Hyzmatdaşlygy Geňeşiniň nobatdaky 139/140-njy sessiýalary geçirildi. Oňa Guramanyň agza döwletleriniň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde wekiliýetler gatnaşdylar. Agzalan çärelere türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary D.Baýryýew hem-de Türkmenistanyň Belgiýa Payşalygyndaky Ilçihananyň wekili gatnaşdylar.

Geňeşde BGG-niň Baş sekretary K.Mukuriýa 2021-2022-nji maliýe ýylynda, has takygy 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 2022-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli döwürde Guramanyň sekretariaty tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen çykyş etdi.

Geňeşiň duşuşyklarynyň ahyrky gününde Guramanyň Baş sekretarynyň orunbasary wezipesine hem-de öňdäki bir ýyl üçin Gümrük Hyzmatdaşlygy Geňeşiniň başlygy wezipesine saýlawlar geçirildi.